TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Owganystan Yslam Emirligi Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürer

Owganystan Yslam Emirliginiň Premýer-ministri Molla Mohammad Hasan Ahund Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberipdir. 

Ýerli metbugatda çap edilen gutlag hatynda, Premýer-ministr Molla Mohammad Hasan Ahund Owganystan Yslam Emirligi doganlyk Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyny belläp geçipdir.

Bu gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

Gadyrly doganym!

Owganystan Yslam Emirliginiň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de doganlyk türkmen halkyna dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýandygyma şatdyryn.

Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň taryhyň dowamynda Owganystanyň halkynyň we Hökümetiniň hemişe gowy goňşulary hem-de dostlary bolup gelýändiklerini uly hoşallyk duýgusy bilen bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Siziň doganlyk ýurduňyzyň tüýs ýürekden goldawy hem-de Siziň Alyhezretiňiziň Owganystanyň halkyna dürli ulgamlarda berýän aýratyn ünsüňiz üçin hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz!

Owganystan Yslam Emirligi golaýda ýurtda bolup geçen möhüm üýtgeşmelerden soň hyzmatdaşlygy ösdürmek we dürli ugurlarda bar bolan umumy wehimleri ýeňip geçmek maksady bilen, sebitiň hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli, işjeň daşary syýasatyny yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde Owganystan Yslam Emirligi doganlyk Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýar.

Owganystan Yslam Emirliginiň Hökümetiniň we halkynyň adyndan özümiň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dikeltmäge hem-de ikitaraplaýyn möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygymy ýene bir gezek tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňizi dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene bir gezek gutlaýaryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa uly üstünlikleri eçilmegini dileýärin.

 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet sylaglaryny aldy

 

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle