SIZDEN GELENLER

Mugallym

Bu gün gyş paslynyň iň ajaýyp günleriniň biridi, ýagny fewralyň on sekizidi. Daş-töwerek ak gara bürenipdi. Howanyň arassalygy, tämizligi tebigatyň görküne görk goşýardy. Şu ajaýyp günde uniwersitetetiň uly mugallymy Ýazgül mugallymyň doglan günüdi.

Bugün bu zenanyň  63 ýaşy uly dabara bilen gutlanylyp, daş-töwerek şowhun-şatlyga beslenipdi. Talyplaryň gutlag sözi, gowşurylýan gül çemenleri mugallymy tolgundyrman durmady, onuň hereketinden talyplara minnetdarlygy aýdyň duýulýardy.

Aňyrdan batly ädimler bilen eli ter çemenli gelýän zenanyň nazary şol mugallyma tarap gönükdi. Ol gelip, mugallymy tarsa gujaklady-da, bir zatlar  mydyrdaýardy. Talyplar sorag äheňinde mugallymyň ýüzüne seretdiler, emma mugallymyň özüne hem zenany birbada tanamak ýeňil düşmedi…

Ýazgül mekdebi göreldeli tamamlap, öz islegi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girdi. Oňa saýlap alan hünärini tamamlap, şol ýerde mugallym bolup galmak nesip etdi.

Ýazgül gysga boýly, saryýagyzdan owadan, görmegeý gyzdy. Onuň özdiýenliligi, birsözlüligi, erjelligi hatda mähirliligi hem her bir talybyň, mugallymlaryň üns merkezinde saklanýardy. Ony öýüniň törüne geçirmek isleýän ýigitlerem az däldi, emma ol hijisine pitiwa etmeýärdi.

Talyplar bu mugallymy öz aýal dogany, joralary ýaly görerdi. Çünki her bir talyba aýratyn mähir bilen seredip, olaryň içki dünýäsine aralaşmagy başarardy. Işe başlamagyna uzak wagt bolmadyk hem bolsa tutuş uniwersitetiň söýgüsini gazanypdy.

Ýazgül mugallymy topar ýolbaşçy edip hem belläpdiler. Ol  öz  topary bilen tiz öwrenişdi, ählisiniň häsiýetlerine belet boldy. Mugallymyň öz okadýan toparynda Melike diýen gyz mugallymyndan aýratyn täsirlenipdi. Ol öz içki syryny aýdyp, elmydama mugallymdan maslahat alyp gezerdi. Uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda bolýan bu talyp mugallymy öz ýakyny hasap ederdi. Melike sapaklara, köpçülik işlerine işjeň gatnaşýan göreldeli talyplaryň biridi. Emma soňky wagt onuň haly harapdy. Öz söýgüli mugallymy bilen hem gürleşmek onuň üçin peýdasyz ýaly bolup göründi. Bu ýaş  mugallym gyzyň gowlugynyň ýokdugyny daşyndan aňsa-da, talybyň özi gelip aýtmagyna garaşdy. Emma talyp gün-günden saralyp, okuw bilen arabaglanyşygyny düýpden açyp başlady. Näme etmeli?! Mugallym üçin gaty oňaýsyz ýagdaýdy. Ene-ata bilen gürleşeýin diýse-de, göwnüne jaý däldi. Ahyr belli bir netijä gelip, Melikäniň umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagyna geldi. Mugallymyny gören gyz ejap edip, gyşaryp ýatan ýerinden zöwwe galdy. Mugallym degişme äheňinde lak atjak boldy, emma gyzyň sussupesligi onuň aýtjak sözleriniň başyna nokady goýdy. Mugallym talyp bilen salamlaşyp, gyzyň görkezen ýerine jaýly ýerleşdi-de, emaý bilen söze başlady:

-Melike, sen nähili erjel, şadyýan gyzdyň. Soňky wagt saňa ne döw çaldy? Sapaklaryň bilen, kitap bilen araň ýok, haçan görseň sussupes ýagdaýda? Belki kömegim deger, näme boldy? Menden syryňy gizlemezdiň…—mugallym sözüni tamamlamanka, gyzyň gözünden gaýdan hünjüler, syryny äşgär etdi oturberdi.

—Mugallym, öýümizdäkiler meni durmuşa çykarjak bolýarlar.Eýýäm sähedimem alypdyrlar. Oglan öz ýakyn garyndaşlarymyz. Men näme etmeli?! Meň öňümde öz isleglerim, arzuwlarym bar. Men ol oglana üýtgeşik garaýyş bilen garamok, onsoň bir ömür nädip durmuşda ýaşap bilerin. Meň arzuwlarymdan sizem habarly ahyryn?! Entek durmuşa çykmak hakda hiç hili pikir edemok. Ilki okuwym gutarmakçy, soňra öz bilimim hasam artdyrmakçy. Men arzuwym amala aşyrman nädip durmuşa baş goşup bilerin?! Ejeme ýagdaýymy aýtsamam şol bir sözüni gaýtalaýar” gözümiziň öňündäkidir, adam çykýan ýer “ diýip. Maňa düşünjek bolanoklar.Belki ol ýigidiň halaşýan gyzy bolmagyda ähtimal, biziň närazydygymyza garaman, özleri çürt  kesik edipdirler.-diýip içki harasadyny mugallyma düşündirdi. Mugallym gyzyň emaý bilen başyn sypap:

– Giňräk bol, azajyk wagt ber, belki ähli zat seň isleýşiň ýaly bolar.Ýöne sapaklaryňy öňki erjelligiň, yhlasyň bilen oka!

Gyz göwni giňedi-de,mugallymyň sözlerine  başyny ýaýkady.

Aradan birnäçe wagt  geçdi. Mugallym uniwersitete  Melikäniň ene-atasyny çagyrdy. Ol gyzyň ilki we soňky bahalaryny deňeşdirip görkezip, eger şeýle dowam etse gyzlarynyň hiç wagt bagtly bolmajagyny aýdyp, Melikäniň arzuwlaryny gürrüň berdi. Talybyň zehinli, edepli-tertipli gyzdygyny aýdyp, ene-atanyň göwnüni hoşlady. Maşgala içine goşulmak islemeýändigini, ýöne Melikäniň ol saýlan ýigitlerine synynyň oturmaýandygyny gaýtalap-gaýtalap aýdyp berdi. Ene-ata yzlaryna dolanyp bardy. Ýa mugallymyň sözlerinden täsirlendi, ýa öz eden işleriniň ýalňyşdygyna düşündi, garaz birnäçe wagtdan Melikä begendiriji habar gelip gowuşdy. Gyz begenjine mugallymyň ýanyna ylgap, begenç gözýaşlary bilen öz minnetdarlygyny bildirdi.

Melike öz arzuwlaryny hasyl etdi, uniwersiteti tamamlap, bilimini has hem kämilleşdirdi. Ol özi ýaly ylym bilen meşgullanýan ýigide-de durmuşa çykdy.

Bu gün hem öz halypasynyň 63 ýaşynyň dolýan gününde öz bagtly durmuşyna goşandyny goşan mugallymynyň ýanynda bolmak isledi. Mugallymyny batly gysmagy eden ýagşylygynyň hiç wagt unudylmajakdygyny görkezýärdi. Mugallym birbada tanamadyk bu zenanyny, şol mähriban talybydygy Melikedigini duýup, öz talybynyň uzak ýerden gelenine begenjiniň çägi bolmady. Melike gözüniň ýaşyny süpürdi-de, gülüni gowşurdy, pessaýja ses bilen:

—Mähribanym, halypam, doglan günüň gutly bolsun! Siz ýaly mugallymlaryň bolmagy her bir talybyň bagtynyň çüwmegidir. Sizi tanamagym meň üçin aýratyn bagt. Minnetdar, mugallym, minnetdar!

                                                                              

           Gülälek Söýeşowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň

daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

2-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry