Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtyna salgylanyp Size ýetirýäris.
- Arza (kanun boýunça mirasa bolan hukuk barada, wesýetnama boýunça mirasa bolan hukuk barada arzanyň nusgasyny almak üçin Miras wesyetnama)
 - Mirasdaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasport ýa-da beýleki resminama)
 - Miras galdyryjynyň ölüm hakynda şahadatnamasy we onuň nusgasy.
 - Miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we gaýry gatnaşyklary subut edýän resminamalar we olaryň nusgalary (dogluş hakynda, nika baglaşylandygy hakynda, nika bozulandygy hakynda şahadatnamalar we ş.m.).
 - Wesýetnama boýunça miras kabul edilende wesýetnamanyň asyl nusgasy ya-da öwezligi.
 - Miras galdyryjynyň ölen gününe çenli haýsy salgyda ýazgyda durandygy we şol salgyda haýsy maşgala agzalarynyň ýaşanlygy barada degişli ýaşaýyş jaý ulanyş edarasyndan kepilnama.
 - Miras emläginiň miras galdyryja degişlidigi hakynda hukugy belleýji resminamalar (miras emlägine eýeçilige esas bolan resminama).
 - Eger miras emlägiň düzümine gozgalmaýan emläk girýän bolsa, Gozgalmaýan emlägi bellige almaga ygtyýarly ýerli edarasynyň “Döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumatyndan Göçürmesi”
 - Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
 - Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
 
 “Google†we “Atavatan†saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google†öňde
