DÜNÝÄ

«Mir» teleýaýlymy Türkmenistanda habarçylar bölümini açmakçy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy Radik Batyrşin bilen duşuşdy.

Duşuşykda uzak möhletleýin iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanda «Mir» DTRK-nyň habarçylar bölümini açmagyň, okuw sapaklaryny geçirmegiň we tejribe alyşmagy guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.

Türkmen tarapynyň «Mir» DTRK-a köpmillionly auditoriýasy bolan döwletleriň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän öňdebaryjy we abraýly teleradiokompaniýa hökmünde seredýändigi nygtaldy.

Şu gün şeýle-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi.

 

Dünýäniň iň gymmat awtoulagy tanyşdyryldy

Related posts

Bişkekde 1-nji sentýabrda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti geçiriler

Kasym-Žomart Tokaýew bilen Olaf Şols duşuşdy

Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler