TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň gymmat awtoulagy tanyşdyryldy

Dünýädäki iň gymmat awtoulagy hasaplanýan “Rolls-Royce Boat Tail” awtoulagy tanyşdyryldy. Beýik Britaniýanyň kaşaň awtoulag öndürijisi “Rolls-Royce” tarapyndan ýasalan dünýäniň iň gymmat awtoulagy bolan “Boat Tail” ulagyny ABŞ-dan meşhur aýdymçy jübüti Beýons we Jeý Z tarapyndan sargyt edilendigi aýdylýar.

Takmynan 40 sany “Rolls-Royce Phantom” limuzin görnüşindäki ulagyň bahasyna deň bolan we 20 million funt-sterlinge bahasy bolan täze ulag hemmeleri haýran galdyrdy.

Bahasy 20 million funt-sterling (28 million dollar) bilen bu ulag 2019-njy ýylda  bahasy 11,5 million funt-sterlinge deň bolan “Bugatti” kaşaň awtoulagyň “La Voiture Noir” modelinden öňe saýlandy.

“Rolls-Royce Boat Tail” ulagyň yzky tarapynda saýawan, holodilnik, dürli içgileri içmek üçin stol we beýleki enjamlar bar. Ol hem ulagyň hem kaşaňlygyny hem-de amatlylygyny alamtlandyrýar.

Awtoulagyň kapotynyň aşagynda 6,75 litrlik  jübüt turbo V12 hereketlendirijisi bolup, ol 563 at güýjüne eýedir.

Maglumatlara görä, diňe ulagyň deslapky önümçilik işlerine 20 inžener gatnaşyp, olar 1 ýyldan gowrak wagt bu taslamanyň üstünde iş alyp bardy. Bu gymmat ulagdan 3 sanysy öndürildi.

 

Ýewropanyň iň güýçli topary şu gün belli bolýar

Ýene-de okaň

Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär

Gazagystan emeli aň boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask 97 milliard dollar teklip etdi,  Sam Altman kabul etmedi!

Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi