JEMGYÝET

Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişina görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmetmyrat Geldinyýazow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýelän wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Sapardurdy Toýlyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belledi. Şol bir wagtda Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýolbaşçysy wezipesini hem alyp barar.

Milli Liderimiz bu barada degişli Permanlara gol çekdi.

 

Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly işewürleri kabul etdi

Ahmet Çalyk: türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňzi arkaly Türkiýä ibermek taslamasy boýunça iş alyp barýarys

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi