«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler

«Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasy, şeýle hem «Migrasiýa hakyndaky», «Migrasiýa gullugy hakyndaky» Kanunlara-da üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryn taýýarlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen düýn geçiren duşuşygynda nygtaýşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Bu ugurda halkara bileleşiginiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Bitarap döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge niýetlenen häzirki zaman özgertmelerini amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara şertnamalarynda, ylalaşyklarynda we Konwensiýalarynda beýan edilen halkara hukuk kadalaryny düýpli öwrenmek zerurdyr. Şundan ugur alyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmelidiris.

Okap bilersiňiz  Söwda boýunça türkmen-ýapon gepleşikleri geçirildi

Hususan-da, «Diplomatik gulluk hakyndaky» Kanuna hem goşmaçalary girizmek, şeýle hem «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak wajypdyr. Bulardan başga-da, «Migrasiýa hakyndaky», «Migrasiýa gullugy hakyndaky» Kanunlara-da üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, Mejlis ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmelidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmegiň Mejlisiň esasy wezipeleriniň biri bolmalydygyny belledi.

Her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan

 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler giriziler

Kärhanalary hasaba alyş ulgamy kämilleşdiriler