Kärhanalary hasaba alyş ulgamy kämilleşdiriler

Ýurdumyzda kärhanalary hasaba alyş ulgamy kämilleşdiriler, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşy döwrebap ýagdaýa getiriler we Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanar.  Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda aýdyldy. Duşuşykda,  Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri boldy.

Şoňa görä-de, maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek wajypdyr.

Okap bilersiňiz  Halkara bäsleşigiň möhleti uzadyldy

Şu maksat bilen, bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr.

Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerini we çäklerini üpjün edýän ulgamlary täzelemek we ösdürmek boýunça hem netijeli işleri alyp barmaly. Bu ulgamlara telekeçileri çekmek üçin şertleri döretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şundan ugur alyp, sebitlerde hojalygy dolandyrmagyň bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk gelýän täze usullaryny ulanmagyň, täze iş orunlaryny döredip, daşary ykdysady işi has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şu maksat bilen, erkin ykdysady zolaklary döretmek we olaryň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmäge yzygiderli üns bermek gerek.

Kärhanalary bellige almak :Gerekli resminamalaryň sanawy

Täze Dörediljek Kärhananyň Adyny Tassyklamak