SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Microsoft” ofislerini açmakdan ýüz öwürýär

Dünýä belli “Microsoft” kompaniýasy koronawirus ýokanjynyň “Delta” görnüşi bilen baglanyşykly ABŞ-nyň çäklerindäki edara ofislerini indiki aýyň başynda doly açmak meýilnamasyny ýatyrýandygyny mälim etdi. Tehnologiýa ägirdi edaralarynyň täzeden haçan açyljak senesi barada entek maglumat bermedi.

“Microsoft” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jared Spataro öz blogynda: “Covid-19 -yň näbelliligini göz öňünde tutup, ABŞ-daky ofisleriň doly açylmagynyň täze senesini, ilatyň saglygyna esaslanyp ygtybarlylygy elden bärmen, iş ýerlerini açmagy meýilleşdirýäris” diýip, beýan etdi.

“Microsoft” kompaniýasy 4-nji oktýabrda Redmondda, Waşingtonda we ABŞ-daky beýleki şäherlerindäki ofislerinde doly açmagy meýilleşdirýärdi.

“Microsoft” bilen bir hatarda beýleki köp sanly kompaniýalar ofis edaralary açmak baradaky meýilnamalaryny yza süýşürmäge mejbur bolan iri kompaniýalaryň sanawyna goşulýar. Olaryň hatarynda “Wells Fargo”, “BlackRock”, “CNN” we beýlekiler bar. Bu kompaniýalar hem oktýabr aýynda iş ýerlerini açmak baradaky meýilnamalaryny yza süýşirdiler. “Amazon”, “Facebook” we beýleki tehnologiýa kompaniýalary 2022-nji ýyla çenli ofislerine gaýdyp gelmejekdiklerini mälim etdiler.

 

Wýetnam syýahatçylyga açylýar

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy