TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messiniň 21 ýyllyk gözýaşy: “PSŽ” – entek bir wariant

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ozalky futbolçysy, dünýä ýyldyzy Lionel Messi metbugat ýygynagyny geçirdi. Onuň metbugat ýygnagyna başlan wagty “Barselona” toparyndan gidýändigine gaty gynanýandygy belläp geçmegi bilen döken gözýaşlary dünýä metbugatynda uly seslenme döretdi.

Ol “Barselona” toparyndan gitjekdigini mälim edenden soňra köp sanly toparlardan jaň gelendigini belläp, Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hem bir wariant bolup durýandygyny belledi. Entek resmi taýdan bu topara geçjekdiginiň tassyklanmandygyny bellän Messi gepleşikleriň geçirilýändigini aýdyp geçdi.

“BARSELONA”  – MENIŇ ÖÝÜM

Messi metbugat ýygnagynda eden çykyşynda şeýle diýýär:

– Ertiriňiz haýyr. Men gürläp biljekdigimi hem ynanamok. Birnäçe gün şu metbugat ýygnagynda näme aýtjakdygym barada pikirlendim. Uzyn bir ýoldan soňra gaty kyn ýagdaý. Men taýýar däldim. Biz şu ýerde galmagy isläpdik. Bu meniň öýüm”.

AÝLYGYMY 50 GÖTERIM AZALTDYM

“Barselona” topary bilen täze şertnamasy boýunça geçirilen gepleşikler barada gürrüň beren Messi menden islenilen zady etdim .Zähmet hakyny 50 göterim azaltmagyny isländiklerini we ony hem ýerine ýetirmäge taýýar bolandygyny mälim eden Messi başga zat talap etmändiklerini belledi.

Messi özünden zähmet hakyny ýene-de 30 göterim azaltmak barada talap edilendigi barada çykan habarlaryň hakykat däldigini belledi.

MAKSADYM DANI ALWESI ÝETMEK

Messi entek ýene-de täze kuboklary gazanmagy maksat edinýändigini belledi. Ýene-de birnäçe çempionlygy gazanyp, braziliýaly Dani Alwesi ýetmek isleýändigini belledi. Dani Alwesiň gazanan kuboklarynyň sany 44-e deňdir. Messiniň kuboklarynyň sany bolsa 36-da deň.

200-nji ýyldan bäri “Barselona” toparynyň düzüminde bolan Messi 2003-nji ýyldan esasy toparyň hataryna goşuldy. Şondna soňra 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. 7 gezekden Ispaniýanyň Kubogyny hem-de Spurkubogyny eýeledi. 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, 3 gezek Ýewropanyň Superkubogyny we bir gezek toparlaaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.

 

Umra zyýaratyna daşary ýurtlular kabul ediler

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle