TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Umra zyýaratyna daşary ýurtlular kabul ediler

Saud Arabystany Patyşalygy  «COVID-19»-a garşy sanjym edilen umra zyýaratçylaryna  mukaddes ýerlere zyýarat etmäge hem-de her aý daşary ýurtdan 2 million zyýaratçyny kabul edilip biljekdigini mälim etdi. Bu baradaky ýüz tutmalaryň 9-nnjy awgustdan başlanjakdygy bellenilýär.

Metbugat gulluklaryna habaryna görä, Saud Arabystany, koronawirus çäreleriniň çäginde, geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl umra zyýaratçylaryny kabul etmäge taýýarlanýar. Saud Arabystanynyň Haj we umra ministriniň orunbasary Abdulfettah Bin Süleýman umra ybadaty üçin daşary ýurtlardan zyýaratçylary kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

Umra zyýaraty üçin ýüz tutmalaryň “Eatmarna” (Itemerna) programmasy arkaly kabul ediljekdigini mälim eden Abdulfettah Bin Süleýman, koronawirus çärelerini ýerine ýetirmek bilen her gün 60 müň we aýda takmynan 2 million adamyň kabul ediljekdigini aýtdy.

Ministrligiň, umra ybadaty üçin haýsy ýurtlardan zyýaratçylaryň kabul ediljekdigini we olaryň sanyny kesgitlemek üçin ygtyýarly edaralar bilen hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenilip geçildi.

umra ybadatyny ýerine ýetirmek isleýän zyýaratçylaryň Saud Arabystanynda tassyklanan Kowid-19 sanjymlaryny almagy zerur bolup durýar. Şonuň üçin hem daşary ýurtlardan barjak umra zyýaratçylarynda sanjym edilendigini görkezýän resminamalara talap ediler.

Üstümizdäki ýylda-da Kowid-19 pandemiýasy sebäpli haj ybadaty geçen ýyl bolşy ýaly, Saud Arabystanynda ýaşaýanlar bilen çäklendi we daşary ýurtlardan zyýaratçylar kabul edilmedi.

Tokio-2020: Iň köp Amerika medal gazandy

Ýene-de okaň

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Teswirle