SPORT

Messi futbol toparynyň paýnamalaryny satyn alar

Dünýä belli futbolçy Lionel Messi ABŞ-daky “Inter Maýami” toparynyň paýnamalarynyň 35 göterimini satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada metbugat gulluklayr habar berýär.

Häzirki wagtda Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş edýän Messiniň bu topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soňra Amerika dolanmagy göz öňünde tutýandygy bellenilýär.

34 ýaşyndaky hüjümçi “Inter Maýami” toparynyň paýnamalarynyň 35 göterimini satyn alyp, bu topara geçmegi meýilleşdirýär.

“Inter Maýami” toparynyň eýesi Angliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarym goragysy Dewid Bekhemdir.

Ozal habar berlişine görä, Bekhem bu toparda 2023-2024-nji ýylda Messi, Luis Suares, Serži Buskets we Žordi Alba ýaly futbolçylary jemlemegi göz öňünde tutýar.

 

Türkmen dzýudoçylarynyň Aziýa kubogyndaky üstünligi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy