TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi ahyrsoňy begendi: Ispaniýanyň Şa kubogyny eýeledi

Ispaniýanyň Şa kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Ona “Barselona” bilen “Atletiko Bilbao” toparlary duşuşdy. Duşuşykda 4:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” topary 31-nji Şa kubogyny eýeledi.

Soňky döwürde şowsuz oýunlary bilen kubok ýaryşlaryndan yzda galan “Barselona” toparynyň bu duşuşykdaky gollaryny Antuan Grizzman, Frand de Ýong hem-de 2 gezek tapawutlanan Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy.

“Barselona” topary özüniň 31-nji Şa kubogyny eýeledi. Bu ugurda öňdelik bu topara degişli. Kubogy iň köp gazanan toparlaryň arasynda ikinji orny “Atletik Bilbao” topary 23 gezek hem-de üçünji orunda “Real Madrid” topary 19 gezek gazandy.

“Barselona” toparynyň tälimçisi Ronald Kuman bu toparyň düzüminde tälimçi wezipesinde ilkinji kubogyny eýeledi.

MESSINIŇ 35-NJI KUBOGY

Lionel Messi bolsa “Barselona” toparynyň düzüminde 35-njy kubogyny eýeledi. 10 gezek Ispaniýanyň çempiony, 7 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 8 gezek Superkubogy, 4 gezek Çempionlar ligasyny, 3 gezek Ýewropanyň Superkubogyny we 3 gezek hem klublar derejesindäki çempionatynyň kubogyny eýeledi.

 

Howa Maglumaty : 18 Aprel 2021

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle