TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň sammiti geçiriler

Şu ýylyň 20-21-nji iýuly aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň meşhur syýahatçylyk merkezi bolan Yssyk-Kul kölüniň kenaryndaky Çolpon-ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçiriler. Oňa Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň baştutanlarynyň sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmegi meýilleşdirilýär.

Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nuran Niýazliýew bu sammit barada beren beýanatynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görlendigini belledi.

Diplomatyň bellemegine görä, öňde boljak sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanlary sebitiň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşar. Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşylar. Döwlet Baştutanlarynyň saglygy goraýyş. migrasiýa, bilim we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleler boýunça hem özara maslahatlaşmalary geçirjekdigi bellenildi.

Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nuran Niýazliýew sammitiň gün tertibine sebitiň howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatdaky meseleleriň hem girizilendigini belledi.

Bu sammitiň öňüsyrasynda ýagny şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň baştutanlygynda geçiriljek duşuşykda sebit hyzmatdaşlygy, dünýädäki ýagdaýlar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalar boýunça pikir alşylar.

Soňky gezek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.

Türkmenistanda geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygy bolupdy. Onuň ilkinjisi 2018-nji ýylda Gazagystanda, ikinjisi 2019-njy ýylda Özbegistanda geçirilipdi. Nobatdakysy 4-nji duşuşyk bolar.

 

5 sany uniwersitete ýörite dereje berildi

Ýene-de okaň

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Teswirle