TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny geçirmek babatda degişli pikir alyşmalar geçirilýär. Golaýda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bu duşuşyk ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň gün tertibinde boldy.

Ýöne Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň haçan we nirede geçiriljekdigi barada entek anyk maglumat berilmedi.

Soňky gezek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.

Şonda ilkinji ýokary sylag – “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň hormatly nyşany” dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy. By nyşanyň eýesi Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bolupdy.

Türkmenistanda geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygy bolupdy. Onuň ilkinjisi 2018-nji ýylda Gazagystanda, ikinjisi 2019-njy ýylda Özbegistanda geçirilipdi. Nobatdakysy 4-nji duşuşyk bolar.

 

Daşary döwletlere 78 müň tonna türkmen pomidory ugradyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle