JEMGYÝET

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammiti: gol çekilen ylalaşyklar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mesgeni hasaplanýan Yssyk-Kul welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Bu sammitiň çäklerinde sebit ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen ençeme ylalaşyklara gol çekildi.

Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew gyrgyz metbugatyna beren beýanatynda sammitiň çäklerinde gol çekilen resminamalar barada belläp geçdi.

Gol çekilen resminamalar şeýle:

  • Bilelikdäki Jarnama;
  • Merkezi Aziýanyň ösdürilmegi maksady bilen dostluk, goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyk; (Gyrgyzystan, Gazagystan we Özbegistan gol çekdi)
  • Halkara meýdançalarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň konsepsiýasy;
  • Merkezi Aziýa üçin “Ýaşyl gün tertibi” sebit maksatnamasy;
  • 2022-2024-nji ýyllar aralygynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “ýol kartasy”.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy başlady

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ilçisi: 2025-nji ýylda türkmen raýatlaryna takmynan 120 müň wiza berildi

Eswatini türkmen işewürligi üçin gapylaryny açýar: Premýer-ministr Dlamini bilen duşuşyk

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda desgalaryň 220-den gowragy gurulýar

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň agzalygy

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Eswatini Patyşalygyna sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady