DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy başlady

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygy başlady. Bu sammit Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Ilki bilen döwlet Baştutanlary bilelikdäki surata düşdiler we soňra giňeldilen düzümdäki gepleşiklere başladylar.

Sadyr Žaparow bu duşuşyga gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy aýratyn mübärekledi.

– Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Siz şu gün Konsultatiw duşuşyga ilkinji gezek gatnaşýarsyňyz. Siz hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň ýoluny dowam etdirip, Merkezi Aziýanyň jebisligi üçin özüňiziň uly goşandyňyzy goşjakdygyňyza pugta ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrundaky ýokary döwlet wezipäňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin – diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow belledi.

Bu sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler we birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti duşuşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy