DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi. Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyna geldiler.

Mejlisiň dowamynda taraplar sebit ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň iň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň esasy maksady Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy. Bu duşuşygy şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Ministrler ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygyň gün tertibi barada pikir alyşdylar hem-de onuň şertnama-kanunçylyk binýadyny, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Guramaçylyk we protokol meselelerine hem jikme-jik seredildi.

Mundan başga-da, ministrler sebit meselelerine we köptaraplaýyn guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar, hem-de daşary syýasat ugry boýunça özara hereketleriň pugtalandyrylmagy barada ylalaşdylar.

 

Internetde täze tizlik rekordy

 

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi