BIZNES

Merkezi Aziýa – Aýlag ýurtlary arasynda täze hyzmatdaşlyk formaty döredilýär

Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagyndaky Arap döwletleriniň arasyndaky hzymatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda Gazagystanda geçirilýän Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde iş maslahaty geçirildi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary N. Al-Hajraf bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministri A. Al-Zaýani hem gatnaşdy. Ol bu geňeşe başlyklyk ediji ýurduň ýolbaşçysy bolup durýar.

Duşuşykda taraplar sebitleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol duşuşygyň çäklerinde “Merkezi Aziýa – Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” daşary işler ministrleri derejesinde täze hyzmatdaşlyk formatyny döretmek babatda özara gyzyklanmalar beýan edildi.

1981-nji ýylda döredilen Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzüminde Bahreýn, Katar, Kuweýt, BAE, Oman we Saud Arabystany ýaly döwletler bar.

 

Türkmenistan Gazagystandaky CICA-nyň duşuşygyna gatnaşýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler