21/10/2020 17:41
Home MEDENIÝET “Ganly Sport” filmi bilen adygan aktýor: Wan Damm

“Ganly Sport” filmi bilen adygan aktýor: Wan Damm

“Durmuşda iň möhüm zat, üýtgedip bilmeýän zatlaryňyzy kabul etmegi öwrenmekdir”

Žan-Klod Wan Damm.

Ýaşlyk ýyllary

Žan-Klod Kamil Fransua Wan Warenberg – 1960-njy ýylda Brýussel şäheriniň sebitindäki Berkem-Sent-Agat atly şäherçesinde dogulýar. Onuň kakasy Brýussel şäherinde dogulýar we buhgalter wezipesinde işleýär, şeýle hem onuň gül dükany bolupdyr. Ejesi – niderlandiýa dili bilen meşgullanýardy. Kakasy ogluny 10 ýaşlary döwründe karate mekdebine ýerleşdirýär we 12 ýaşyndan başlap, Klod Gets ýolbaşçylygynda öz türgenleşik işlerini alyp başlaýar. Karate sport görnüşinden başga, sportuň söweş sungatlarynyň dört görnüşi bilen meşgullanypdyr: kik-boksing, muaý-taý, kung-fu we tekwondo. Şeýle hem bäş ýyllap balet bilen meşgullanypdyr. Ýaşlyk döwründe “California Gym” atly türgenleşik toplumyny hem açypdyr.

Kino karýerasy

Wan Damm – “Yza çekilmäň we boýun bolmazlyk” atly filminde ilkinji roluny alýar. Aktýoryň adyny aýtmak kyn düşýäni üçin ol öz adyny aradan çykan dostuna bagyşlap Žan-Klod Wan Damm adyny alýar. Näçe kynçylyklardan, näçe gepleşiklerden soňra, entäk hiç kime belli däl Wan Damm, prodýuser Menahem Golanyň ofisine düşmegi başarýar. Prodýuseriň “Ganly sport” filmi üstünde iki ýyllap işledi. Bu film ilkinji gezek Malaýziýadan, Fransiýan soňra bolsa ABŞ-da görkezildi. Bütin dünýäde bu film uly üstünlige ýetirdi. Bu film Wan Damm söweş sungat aktýorynyň ýyldyzyna öwürýär. Aktýoryň filmdäki keşbi “Mortal Kombat” kompýuter oýunlarynda janlandyryldy. Şondan soňra dünýä ýüzündäki köp ýaşlar Wan Damm  nusga alyp karate gurnaklaryna gatnap başladylar we sport bolan höwesleri artyp başladylar. Ýyllar boýunça öz üstünligini artdyryp, ýokary derejeli filmlerde çykyş edip başlady. Şeýlelik bilen tiz wagtdan Silwester Stallone we Arnold Şwarsenegger ýaly ýyldyzlaryň hataryna goşuldy we tölegi 8 million dollara ýetdi.

Okap bilersiňiz  BTS: olaryň her ädimi rekord

Aktýoryň meşhurlygynyň peselmegi we gaýdyp gelmegi barada…

90-njy ýyllaryň ahyrynda söweş sungat žanry özüniň meşhurlygyny ýitirip başlaýar, Wan Dammyň aktýorlyk ukybynyň ösmegine garamazdan näçe filmlerdede keşp janlandyrsa-da, olar hem aktýora üstünlik gazandyryp bilmändirler. Emma 2008-nji ýylda çykarylan “Ž.K.W.D” filmi, 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan “Köp taraplaýyn esger”, “Köp taraplaýyn esger 3”, “Täzeden döreýiş” filmi, şol ýylda “Kung-fu panda 2” multfilmine ses beriji bolup gatnaşýar, soňra bolsa 2012-nji ýylda “Saklap bolmaýanlar” atly filmlerde çykyş edip, kino industriýasyna gaýdyp gelýär.

Okap bilersiňiz  Halaçda täsin haly dokaldy

Sport karýerasy

Wan Damm  16 ýaşynda Belgiýanyň milli ýygyndy toparynda ýer alýar we toparyň düzüminde ýewropanyň çempiony, şeýle hem gara guşagyň eýesi bolýar. Şondan soňra dürli ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Wan Damm bilen Beýik Britaniýanyň çempiony bolan Maýkl Heming arasynda duşuşyk geçirildi we ol ýerde Wan Damm ýeňiş gazandy. Wan Dammyň hasabynda 22 duşuşyk bolup, olaryň 20-si arassa ýeňiş we iki duşuşygy ýeňlişe sezewar bolýar. 1980-nji ýylyň başynda Wan Damm bilen Çak Norris, öz ara duşuşyk geçirdiler.

Okap bilersiňiz  Mbappe PSŽ-de galar

Şahsy durmuşy

Wan Damm häzirki wagtda üç çaganyň kakasy bolup durýar. Onuň iki ogly we bir gyzy bar. Ogullarynyň atlary: Kristofer, Nikolas, gyzynyň ady bolsa Býanka.

Akýory mahabatlarynda ulanan kompaniýalar:

“Versace Jeans” kompaniýa

“Red Bull Supreme” kompaniýa

“World of Warcraft” kompaniýa

“Sony Pictures” kompaniýa

“Gillette” kompaniýa

“Volvo Trucks” kompaniýa

Aktýor barada gyzykly maglumatlar

– Belgiýada aktýora bagyşlanyp, heýkel dikildi.

– Bäş ýyl balet bilen meşgullanypdyr.

– Aktýor “Flintstones” animasion multfilmiň üsti bilen iňlis dilini öwrenipdir.

Gazanan baýraklary

“Ýaş” halkara film festiwalynyň “Altyn keýik” baýragy.

2009-njy ýylda – Kino sungatyna goşan goşandy üçin sylaglanýar.

Dünýädäki iň ýokary baýragy we Planetanyň altyn zehinleriniň altyn ordeni baýragy bilen sylaglanýar.

2010-njy ýylda – “Ýeňmek islegi, egsilmez söweş ruhy we kino pudagyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin sylaglanýar.

Žan-Klod Wan Dammyň iň gowy filmleri

“Köptaraplaýyn esger”

“Gaçmaga hiç ýer ýok”

“Köçe söweşjisi

“Ž.K.W.D”

“Saklap bolmaýanlar”

 

Golliwudda yz galdyran aktrisa – Anželina Joli

Silwester Stallone: Rembo we Rokki Size seslenýär

Okap bilersiňiz  Bir ýyllap zaýalanmaz
Okap bilersiňiz  Garri Poter baradaky kitap 40 müň dollara satyldy

Morgan Frimen – Golliwudyň iň hormatlanýan aktýory

Jeki Çan – aktýor we aýdymçy

Köp baýrakly tanymal aktýor

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

IŇ TÄZE HABARLAR

Çempionlar ligasynda ilkinji türk futbolçy

Mundan ozal “Galatasaraý”, “Walensiýa” we “Fenerbahçe” formalaryny geýen Mehmet Topal, “Başakşehiriň” 2000, 2010 we 2020-nji ýyllarda “Leýpsige” garşy oýnan oýnunda Çempionlar ligasyna goşulan ilkinji...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...

Myhman ataňdan uly

Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär....

Dünýäniň öňdebaryjy kinoprokaty

“Artisan Gateway” maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý döwletiniň kinoteatrlarynyň umumy girdejisi eýýäm 1,988 milliard dollar barabar bolup, Demirgazyk Amerikada bolsa film prokat bazarynda bolsa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan Dewis kubogyna taýýarlanýar

Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler,...

ABŞ-da okamak mümkinçiligi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, diplomy Türkmenistan tarapyndan ykrar edilýän ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýän ýaşlar üçin 17-nji oktýabrda uly mümkinçilik garaşýar. Çünki şol gün...

Türkmen okuwçylary El ýuwmagyň Bütindünýä gününiň çäresine gatnaşdy

Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki 37-nji mekdebiň üçünji synp okuwçylary Bilim ministrligi we ÝUNISEF tarapyndan El ýuwmagyň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilen interaktiw sapakda: "Günde bäş gezek...

Awtoulag ýaryşlary: “Garagum-ýalkym” ralli reýd ýaryşy geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sporty boýunça birnäçe ýaryşlar geçirildi. Bu baýramçylyk sport ýaryşlary Türkmenistanyň Senagat pudagynyň işgärleriniň güni bilen utgaşyp gitdi....