SPORT

Mbappe – “Ýylyň futbolçysy” boldy

Ýewropanyň klublar assosiasiýasynyň gurnaýan “Globe Soccer Awards” baýragynyň 2021-nji ýyldaky eýeleri mälim edildi. Her ýyl Dubaý şäherind egeçirilýän bu baýrak gowşuruylyş dabarasynda futbolda ökde türgenler sylaglanýar.

Dekabr aýynyň ahyrynda geçirilýän bu dabarada Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe 2021-nji ýyl boýunça “Ýylyň futbolçysy” baýragyna mynasyň boldy.

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski “Ýylyň iň gowy hüjümçisi” baýragyny gazandy. Ol 2021-nji ýylda 69 gol geçirdi.

Soňky 5 ýylyň dowamynda “Globe Soccer Awards” boýunça “Ýylyň futbolçysy” baýragyna Kristiano Ronaldo mynasyp bolupdy.

“GLOBE SOCCER AWARDS” BAÝRAGY BILEN SYLAGLANAN FUTBOLÇYLAR

  • “Janköýerler boýunça ýylyň futbolçysy” – Robert Lewandowski
  • “Ýylyň futbolçysy” – Kilian Mbappe
  • “Maradona baýragy” – Robert Lewandowski
  • “Ähli döwürleriň iň güýçli hüjümçisi” – Kristiano Ronaldo
  • “Ýylyň iň gowy milli ýygyndysy” – Italiýa
  • “Ýylyň iň gowy agenti” – Federiko Pastorello
  • “Ýylyň iň gowy sport direktory” – Çiki Berigistaýn
  • “Ýylyň iň gowy erkek futbol topary” – “Çelsi”
  • “Ýylyň iň gowy hüjümçisi” – Leonardo Bonuççi
  • “Ýylyň iň gowy derwezebany” – Žianluigi Donnarumma
  • “Ýylyň iň gowy zenan topary” – “Barselona”
  • “Ýylyň iň gowy zenan futbolçysy” – Aleksia Putelýas
  • “Innowasiýa baýragy” – “Serie A”
  • “Ýylyň iň gowy e-sport oýunçysy” – Msdossary7
  • “Afrikadaky iň gowy ýaşlar akademiýasy” – “ZED FC”

Türkmenistanda bahasy 36 milliard dollara golaý desgalar gurulýar

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer