TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda bahasy 36 milliard dollara golaý desgalar gurulýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 35, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisi, döwlet derejeli maslahatlaryň hem 59-sy geçirildi.

  • Häzirki wagtda umumy şertnama bahasy 36 milliard dollara golaý bolan iki ýarym müňden hem köp önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşyk işleri amala aşyrylýan taslamalaryň geriminiň giňdigini görkezýär.
  • Bütin ýurdumyz boýunça belent desgalar, iri täze ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobil we polat ýollary çekilýär, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary döredilýär.
  • Şu ýyl meýilleşdirilen 30 sany iri desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 iri desga ulanmaga berildi.
  • Işe girizilen iri desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Hökümet münberiniň toplumy, Söwda merkezi we iki sany ýedi ýyldyzly myhmanhana, Ahal welaýatyndaky iki sany iri dokma toplumy we ýokary tizlikli awtomobil ýoly bar. Şeýle hem olaryň hatarynda Balkan welaýatyndaky iri suw howdanyny hem-de birnäçe hassahanany, Daşoguz we beýleki welaýatlarda haly fabriginiňdir “Türkmeniň ak öýi” binalaryny, “Türkmeniň alabaý itleri” desgalar toplumlaryny görkezmek bolar.
  • Bu aýdylanlara Lebap welaýatyndaky Kerki Halkara howa menzilini, iri elektrik we gaz basyş stansiýalaryny, Mary welaýatyndaky plastmassa turbalaryny öndürýän zawody hem mysal hökmünde agzap bileris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu ýyl Akina — Andhoý stansiýalarynyň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy işe girizildi.
  • Ýurdumyzda şu ýyl umumy meýdany 1 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, 7 mekdep, lukmançylyk edaralary we beýleki durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.
  • Hormatly Prezidentimiz geljek ýyl üçin gowy býujetiň kabul edilendigini hem belledi. Zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny ýene-de 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.

2021-nji ýylda hökümetara resminamalaryň 200-den gowragyna gol çekildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle