TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Maýk Taýson süýji öndürýär

Ozalky boks boýunça dünýä çempiony Maýk Taýson gulak şekilinde täze çeýnelýän süýjüni halk köpçüligine ýetirdi. Önüm “Mike Bites” diýlip atlandyryldy.

Maýk Taýson baryp 2019-njy ýylda şeýle önümiň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinipdi. Bu süýji önümi Maýk Taýsonyň Ewander Holifild bilen geçiren boks duşuşygyna salgylanyp taýýarlandy. 1997-nji ýylda geçirilen boks tutluşygynda Taýson Holifildiň gulagyny dişläpdi.

Mälim bolşy ýaly, 1987-1990-nji ýyllarda Maýk Taýson agyr agramda dünýäniň absolýut çempiony bolupdy. 2021-nji ýylyň oktýabrynda Las-Wegas şäherinde Maýk Taýsonyň 3 metrlik bürünçden heýkeli dikilipdi.

 

Orazgül Apbasowa: “Käşgä 60 ýaşa dolanyp barsadym…”

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle