JEMGYÝET

Maýa goýum forumy geçiriler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 8-9-njy aprelinde ýurdumyzyň önüm öndürijileri we telekeçileri bilen bilelikde Maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Ulag we aragatnaşyk toplumynyň häzirki zaman düzümini nazara alyp, türkmen telekeçileriniň we önüm öndürijileriniň maýa goýum serişdelerini çekmek arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudak bilen gatnaşygyň çäklerinde täze kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Maýa goýum forumyny geçirmek barada aýdyp, bazar gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda öwrenmegiň ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň talaplaryna yzygiderli seljermeleriň geçirmegiň, türkmen telekeçileriniň ulag we aragatnaşyk toplumynda ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri we innawasion usullaryň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugy dörediler

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi