JEMGYÝET

Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugy dörediler

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugy dörediler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugyny döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda binagärlik-şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebitleri ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça işleriň möhümdigini bellemek bilen Gurluşyklaryň döwlet buýrujysy gullugynyň gurallaryny düpýli öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Related posts

Nýu-Ýork ― dünýäsiniň tehnologiýa şäheri

vepa

Türkmen Lideri’ne Ramazan Kutlamaları

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi bilen gutlady