TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Maslahatlar merkezindäki ilkinji gol çekişlik dabarasy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ajaýyp binalaryň –  Türkmenistanyň Maslahatlar Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Kabul Ediş Merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Bu iri merkezleriň açylyş dabaralarynyň çäklerinde birnäçe halkara derejesindäki resminamalara hem gol çekildi.

Türkmenistan bilen dünýäniň dürli döwletleri hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu merkeziň ilkinji myhmanlar ýurdumyzdaky daşary ýurtly ilçihanalaryň ilçileri, halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtly metbugat wekilleri boldy.

Daşary ýurtly myhmanlaryň hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen bir hatarda ýerli we daşary ýurtly metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda merkezde ilkinji halkara resminamalara gol çekmek dabarasy guraldy.

Dabaranyň çäklerinde şu resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk barada Ähtnama” türkmen tarapyndan gol çekdi we ÝUNESKO tarapyndan gol çekmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Kristin Weýgana gowşurdy.
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” gol çekdi.
  • Türkmenistanyň bilim ministri O.Gurbanow Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Äthnama türkmen tarapyndan gol çekdi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary tarapyndan gol çekmek üçin ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozda gowşurdy.
  • Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand “Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Äthnama” gol çekdiler.

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Türkmenistanyň Maslahatlar Merkezi açyldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle