TEHNOLOGIÝA

Marsda ilkinji kislorod alyndy

ABŞ-nyň NASa edarasy Mars planetasynyň atmosferasyndan kislorod alandyklaryny mälim etdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

örite gurnamanyň kömegi bilen takmynan 5 gram kislorod alyndy (planetanyň atmosferasynyň esasy bölegi kömürturşy gazy), bu mukdar bir adama 10 minut ýeterlik bolar. Hünärmenler gurnamanyň kömegi bilen sagatda 10 grama çenli kislorod öndürip biljekdigine ynanýarlar.

NASA-dan bellenip geçilişi ýaly, bu usulyň Marsda kislorod alyp, saklamaga mümkinçilik berjekdigini hem-de bu planeta göz öňünde tutulýan uçuşlarda peýdaly boljakdygy mälim edildi.

NASA-nyň marsohody şu ýylyň 18-nji fewralynda Mars planetasyna gonupdy. Häzirki wagtda bu kosmos gämisiniň ähli ulgamlary we enjamlary boýunça barlaglar geçirilýär. Golaýda kiçijik dikuçar uçudyrldy, ol 3 metr belentlige çenli çykdy we soňra täzeden gonduryldy.

 

Türkmenabatdan Russiýa 11-nji ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler

“Tesla” dünýäde iň iri elektromobil öndürijisi derejesini ýitirdi

“Gorogly.com” topary täze “Howamaglumaty.com” taslamasyny hödürledi

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady