TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenabatdan Russiýa 11-nji ýörite uçar gatnawy

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda 2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň internet sahypasynda bellenilip geçilýär. 

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, “S7” awiakompaniýasynyň 8536 belgili gatnawyndan 169 adam peýdalanyp bildi.

Bu gatnaw Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 2020-nji ýylyň martynda Türkmenistanda yzygiderli gatnawlaryň wagtlaýyn togtadylandan bäri 11-nji uçar gatnawy boldy. 

Ozal habar berişimiz ýaly, golaýda “Türkhowaýollary” kompaniýasy 16-njy aprelde Stambul-Türkmenbaşy-Stambul we 18-nji aprelde Stambul-Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrypdy.

Halkara uçar gatnawlary we beýleki habarlardan ilkinji bolup habarly bolmak isleýän bolsaňyz “Google Plaý” marketden biziň Applikasiýamyzy şu ýere basyp ýükläp alyň!

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Teswirle