TEHNOLOGIÝA

“Mars”-da ilkinji uçuşyny amala aşyrar

“Ingenuity” atly dikuçarynyň Mars planetasynda ilkinji synag uçuşyny 11-nji aprelde amala aşyrar. Bu barada NIAT “Howar” habar gullugy Amerikanyň “NASA” kosmos gullugyna salgylanyp habar berýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, enjam üç metr beýiklige uçmaly bolar. Eger-de synag uçuşynda ähli göz öňüne tutulan işler üstünlik amala aşyrylsa, onda indiki uçuşlar takmynan bäş metr belentlikde amala aşyrylmagyna garaşylýar. “NASA” kosmos gullygynyň bellemegine görä, başga bir planetada  “Ilkinji dolandyrylýan uçuş” boljakdygyny nygtaýarlar.

Bu uçarmansyz dikuçary ilkinji Mars uçuşyna taýýarlamak üçin alty gün töweregi gerek bolar. Şol wagtyň özünde “Perseverance” atly marsohod bolsa bu dikuçary uçuş meýdançasyna eltmeli. Hünärmenler bolsa ol enjamyň ähli ulgamlarynyň işleýşini we batareýasyny gözlegden geçirmeli bolarlar. “Ingenuity” atly dikuçary fewral aýynda Mars planetasyna gelipdir we “Perseverance” atly marsohodyň ýerine ýetirmeli işiniň bir bölegi bolup durýar.

 

Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

 

Türkmenistan baradaky habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmen we Iňlis dilindäki ilkinji akylly sözlük- Makul Sözlügi  sözlügi ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: Merkezi Aziýada täze sanly ýollar dörediler

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Tbiliside bahasy 1,25 mlrd dollar bolan täze howa menzili gurlar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri

“Google” kompaniýasy Germaniýada 5.5 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirer

Ata Watan Eserleri