Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

Web saýtlaryň reýtingi baradaky maglumatlar boýunça iň ygtybarly merkezleriň biri kabul edilýän “Amazon” kompaniýasyna degişli bolan “Alexa Rank” maglumatlaryna görä, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistandan girilen saýtlaryň arasynda dördünji (birinji orny “Google” eýeleýär) orna ýerleşdi.

Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda www.atavatan-turkmenistan.com saýty birinji orna ýerleşdi. Bellemeli zat, bu maglumatlar “Alexa Rank” saýtynyň 2021-nji ýylyň 7-nji aprel senesindäki maglumatlary bolup reýting yzygiderli üýtgäp durýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Türkiýe Respublikasynda esaslandyrylan halkara žurnal bolup, ýurdumyzda öz işlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen “Daşary ýurt žurnalistleriniň Akkreditasiýa Şahadatnamasy” esasynda alyp barýar. Şeýle şahadatnama diňe “Reuters”, “AP”, “France Press”, “TRT” we “Ria Nowosti” ýaly abraýly halkara metbugat edaralarynda bardyr.

Okap bilersiňiz  Radio Garden ile Türkmen Radyolarını dinleme fırsatı

Makul Sözlük ilkinji onluga dalaş edýär


“Alexa Rank” saýtynyň maglumatlaryna görä, žurnalymyz tarapyndan esaslandyrylan www.makulsozluk.com saýty bu sanawda 11-nji orny eýeledi. Sanawyň ilkinji üçlügini “Google” ýaly dünýä belli saýtlar eýeleýär.

Hormatly okyjylarymyz!

Saýtymyza ýokary ynam bildirip, Ata Watanymyz Türkmenistan baradaky şeýle hem dünýäde bolup geçýän wakalar baradaky habarlary biziň saýtymyzdan okaýanlygyňyz üçin Size öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Siz eger haýsyda bolsa bir saýtyň rankyny bilmek isleýän bolsaňyz, onda, https://www.alexa.com/siteinfo/ linkine girip öwrenip bilersiňiz!

Mysal üçin : https://www.alexa.com/siteinfo/atavatan-turkmenistan.com

Türkmenistan baradaky habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmen we Iňlis dilindäki ilkinji akylly sözlük- Makul Sözlügi  sözlügi ýükläp almak üçin şu ýere basyň!