SPORT

MakGregor futbol toparyny satyn almak isleýär

Taryhy baý bolan Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň eýesi üýtgäp biler. “UFC” garyşyk söweş sungatynyň ýeňil agram derejedäki öňki çempiony Konor MakGregor bu topary satyn almak isleýändigini mälim etdi.

Ýewropa Super ligasynyň taslamasynyň ýatyrylandan soňra “Mançester Ýunaýted” toparyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ed Wudword wezipesini terk etdi. Mundan soňra topara eýeçilik edýän Gleýzerleriň maşgalasy toparyň paýnamalaryny satmak barada isleg döreýär. Ilkinji bolup bu habara irlandiýaly göreşçi Konor MakGregor seslenýär. Konor özüniň “Twitter” jemgyýetçilik sahypasynda şeýle belleýär:

“Dostlarym “Mançester Ýunaýted” toparyny satyn almany pikirlenýärin. Siz bu hakda näme diýýärsiňiz”.

MakGregor çagalyk döwründen bäri “Mançester Ýunaýted” toparyna janköýerlik edip gelýär. Şeýle hem ol uzak wagtlap futbol sporty bilen hem meşgullanypdyr. Soňra öz karýerasyny göreş sungatyna urukdyran bolsa-da şu wagtda çenli bu topara söýgüsi uludyr.

 

COVID-19 dünýäniň iň beýik nokadyna-da baryp ýetdi

 

 

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy