SPORT

“Liwerpul” rekord transferi amala aşyrdy

Portugaliýanyň “Benfika” toparynyň hüjümçisi Darwin Nunýesiň Angliýanyň “Liwerpul” toparyna geçýändigini mälim edildi. Urugwaýyň milli ýygyndysynyň 22 ýaşly hüjümçisi “Liwerpul” toparyna geçýär. Onuň bahasy 75+25 million ýewre deň bolýar.

Lissabon toparynyň maglumatyna görä, Nunýew “Liwerpul” toparyna 100 million ýewro geçýär. Futbolçynyň bahasy 75 million ýewro, “Benfika” toparyna goşmaça 25 million ýewro bonus tölener.

Nunýes täze topary bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

“Liwerpul” topary bu gymmat transferden soňra 5 futbolçysyny satmagy meýilleşdirýär.  Sadio Mane, Takumi Minamino, Neko Uilýams, Nataniel Fillips we Aleks Oskleýd-Çemberlen dagynyň topardan gitmegine garaşylýar.

Darwin Nunýew “Benfika” toparynyň düzüminde 41 duşuşykda oýnap, 34 gol geçirdi. Ol bu möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçylaryň biri boldy.

 

 

Milliarder bolan üçünji türgen

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar