SPORT

Milliarder bolan üçünji türgen

Amerikaly golfçy Taýger Wuds milliarder bolan üçünji türgen boldy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berdi.
Neşiriň habar bermegine görä, “Major” ýaryşlarynyň 15 gezek çempiony bolan Wudsuň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. Ol bu baýlygyň 10 göterimini golf sportundan gazandy.
Ol 27 ýyllyk karýerasy döwründe 1,7 milliard dollar girdeji gazandy.
Türgeniň pul serişdeleriniň esasy bölegini “Gatorade”, “Monster Energy”, “TaylorMade”, “Rolex” we “Nike” ýaly iri kompaniýalar bilen baglaşan mahabatlardan gelen serişdeler düzýär.
Şeýle hem Wudsuň golf bilen baglanyşykly birnäçe kompaniýalary we restorany bar.
Taýger Wudsdan başga-da, Maýkl Jordan we Lebron Jeýms ýaly basketbolçylar hem 1 milliard dollardan gowrak gazandylar.
“Forbesiň” maglumatyna görä, Wuds karýerasynyň çür depesinde bolan döwründe bir ýylda baýraklar göz öňünde tutulmazdan, 100 million dollar gazanan döwri boldy. Ol 2003-2012-nji ýyllar aralygynda “Forbesiň” sanawynda iň köp gazanan türgenleriň arasynda birinji orny eýeläp geldi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/real-madridin-100-million-yewrolyk-transfer/

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar