DÜNÝÄ

“Lebap-Buhara” we “Daşoguz-Horezm” söwda zolaklary dörediler

Hormatly  Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasyna görä, şu gün Buharanyň ýaşlar merkezinde birinji Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi.

Forum öz işine başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar merkeziň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan türkmen we özbek halklarynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisine aýlanyp gördüler.

Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, 1+5 formatda türkmen we özbek wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar tamamlanandan soňra merkeziň uly mejlisler zalynda birinji Türkmen-özbek sebitara forumy öz işine başlady. Forumyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýum syýasaty we söwda ministri Sardor Umurzakow çykyş etdi.

Ministr öz çykyşynda türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgusyndan paýhasly jümläni mysal getirip, iki ýurduň taryhyň ähli döwründe hem bir-birek bilen dostlukly gatnaşyklary dowam etdirip gelendigini belledi. Şeýle-de özbek-türkmen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, hususan-da, şu babatda iki ýurduň işewürleriniň, serhetýaka sebitleriniň arasyndaky özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýol goýmak babatda öz pikirlerini beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlary, degişlilikde, Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlary bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýar. Bu gatnaşyklar, aýratyn-da, oba hojalygy pudagynda işjeň ýola goýulýar. Iki doganlyk ýurduň goňşy welaýatlarynyň arasynda “Lebap — Buhara” we “Daşoguz — Horezm” türkmen-özbek söwda zolaklaryny döretmek meseleleri hem öwrenilýär.

Forumda türkmen wekiliýetiniň  ýolbaşçysy wise-premýer B.Atdaýew çykyş edip, häzirki döwürde Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly Prezidentleri tarapyndan köpugurly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda uly işleriň bitirilýändigini, munuň iki halkyň arasyndaky dostana gatnaşyklary has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle-de ol bu gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde şu günki forumyň ornuna we onuň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Forumyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara oblastynyň häkimi Botir Zaripow, Horezm oblastynyň häkimi Farhod Ermanow, şeýle-de Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda oba hojalygy, söwda pudaklarynda uzak ýyllardan bäri ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeleri we bu ugurlardaky gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň bar bolan mümkinçilikleri dogrusynda bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Birinji türkmen-özbek sebitara forumy geçirilýär

 

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri