TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Lawrow: Türkmenistanyň Owganystandaky tagallalaryna ýokary baha berýäris

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy boldy.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Sergeý Lawrow türkmen-rus gepleşiklerinde Russiýanyň Türkmenistanyň Owganystandaky parahatçylygy gazanmak ugrundaky halkara tagallalaryna goşýan goşandyna ýokary baha berýändigini belledi.

Russiýanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Moskwanyň we Aşgabadyň Owganystanyň parahatçylykly, garaşsyz, bitarap döwlet hökmünde ösmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ 30 ÝYLLYGY BELLENER

Russiýa bilen Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny bellär.

–  Üstümizdäki ýylda diplomatik gatnaşyklarymyza 30 ýyl dolýar. Biz bu şanly senäni dürli çäreler bilen bellemek boýunça ylalaşdyk. Türkmen dostlarymyzyň çäreleriň meýilnamasy boýunça tekliplerini goldadyk – diýip, Sergeý Lawrow belledi.

Onuň bellemegine görä, çärelerde ýokary derejede hat alyşmak, maslahatlary, tegelek stol duşuşyklaryny we sergileri guramakdan ybarat bolar.

 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada iş saparynda bolar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Prezident Ärdogan: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyza ösdürmäge taýýardyrys

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle