TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2022-nji ýylyň 21-22-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

“Watan” habarlar gepleşiginde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowa Russiýa amala aşyrjak iş sapary bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklar berdi.

Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Bu babatda dürli çäreleri gurmak göz öňünde tutular.

Şeýle hem Moskwada Russiýanyň Daşary işler ministrliginde we beýleki düzümlerde geçiriljek duşuşyklarda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berler.

Şeýle hem bu gepleşiklerde Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitini gurnamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mundan başga-da, türkmen-russiýa bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň ikinji ýarymynda gurnamak işleri boýunça pikir alşylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa boljak iş sapary barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde hem beýanat berlipdir.

Şol beýanatda iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna baha berlipdir.

Bu beýanatda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan Russiýanyň sebitdäki esasy söwda hyzmatdaşydyr. 2021-nji ýylyň 10 aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 730 million dollara barabar boldy.

2019-njy ýylyň aprelinde “Gazprom” PAO tarapyndan Türkmenistanyň tebigy gazyny satyn almak gaýtadan ýola goýuldy we türkmen gazynyň iberilýän möçberleri artdyrylýar.

“KAMAZ”, “Wozroždeniýa”, “Tatneft” ýaly onlarça iri rus kompaniýalary türkmen bazarynda iş alyp barýar.

Iki ýurduň arasyndaky resminama-hukuk binýady hem yzygiderli artdyrylýar. Syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda 170-den gowrak döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklar gazanyldy.

Iki ýurduň arasynda howply wiruslara garşy ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilýär. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda Russiýada koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen «Sputnik V», «EpiWakKorona» we «Sputnik Laýt» sanjymlaryny bellige aldy.

Geçen ýyl Aşgabada 330 müň komplekt «Sputnik V» sanjymy iberildi. 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolsa 800 müň doza «Sputnik Laýt» sanjymy iberilip, onuň 300 müň dozasy muzdsuz berildi.

Bilim we medeniýet pudagynda özara gatnaşyklara iki tarap hem köp üns berýär. Häzirki wagtda Russiýanyň uniwersitetlerinde Türkmenistandan 30 müňden gowrak talyp okaýar. Iki ýurduň arasynda yzygiderli uçuşlaryň wagtlaýyn togtadylan döwründe talyplar okuwlaryny uzakdan dowam etdirip bildiler. Türkmen ýaşlary Moskwa, Sankt-Peterburg, Woronež, Kazan, Rostow, Samara ýaly şäherleriň ýokary okuw mekdeplerini saýlap alýarlar.

 

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle