TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

 Künjüni ösdürip ýetişdirmegiñ usuly

Künjüni güýzlük bugdaý, güýzlük  arpa  ekinleri  ýygnalandan soñ ekmek bolýar. Şol ekinlerden soñ hökmany ýagdaýda tagt suwuny tutmaly. Ýer taba gelenden soñ 22-25 sm çuñlukda sürüm geçirmeli. Zerur bolan wagty sürümden öñ boronalar bilen ýeriñ ýüzüni ýumşatmaly. Sürümden öñ tekizleme işlerini agyr mala ýa-da tekizleýji gurallar bilen göwnejaý edip bejermeli. Künjüni  aram gatlakly ýeñil mehaniki düzümli toprakly ýerlerde gowy bitýär. Gowy idegli işler geçirilende beýleki topragyñ tiplerinde hem gowy bitýär. Batgalaşan we şorlaşan ýerlerde gowy bitmeýär. Strukturasyz tiz gataýan topraklarda ýetişdirmek örän kyn bolýar. Haşal otlar bilen güýçli hapalanan ýerlerde gowy hasyl bermeýär.

Künji maýda tohumly ekinler üçin niýetlenen seýalkalaryñ hatar arasy    70 sm geçirilýär. Her gektar 6-8 kg tohum harçlanýar.Tomus aýlary howanyñ gyzgynlygy ýokary bolýar. Künjüniñ doly gögermegi üçin ýerleriň ýokary hilli taýýarlanmagyna we ekişiñ doly geçirilmegine üns bermeli. Gögeriş gazanma kä wagtlar päsgel berýän ýagdaýlary howa ýagdaýlarynyñ amatsyz gelmegi keselleriñ mör-möjekleriñ täsiri astynda ýüze çykyp biler. Künjüniñ tohumy 18-200C ösýär we köpçülikleýin gögeriş berýär.Ýaşajyk ösümlikler gysga wagtlaýyn 10C aýazlarda çydamly, ýöne uzak wagt çydamaýar. Şeýle ýagdaýda künjüniñ kökleri çüýreýär, saralýar we ölýär. Künji üçin iñ amatly temperatura 22-250C. Künjini şineläp gögeren döwründe gapak emele gelende topragyñ ýokarky gatlagyny ýumşatmak hökmandyr. Bu işde ýeñil borona ýa-da rotasion matygalar bilen keseligine ýumşatmaly. Mälim bolşy ýaly ähli ekinleriñ hasylyny ýokarlandyrmakda tohumyñ uly ähmiýeti bardyr.

Künjüniñ ýaramaz tohumynyñ ekilmegi şowsuzlyga alyp barýar. Bu şowsuzlyklar ýerleri ekişe taýýarlamak üçin sarp edilen zähmetiñ we serişdeleriñ gymmatyny peseldýär. Künji gämigi beýleki ekinlerinden ejizräk, ösüş derejesi haýal bolýar. Şol sebäpli haşal otlara garşy göreşi öz wagtynda geçirmeli. Ösüş döwründe künjini 2 gezek ýumşatmaly, 2-3 gezek joýa çekip 3-4 gezek suwarmaly. Azot dökünleri ösüş döwründe kultiwator arkaly ösümlikleriñ 8-10 sm gapdalyna suwuñ öñ ýanynda dökmeli.

Künjüniñ aşaky gozalarynyñ reñki goñralyp başlandan gysga möhletde ýagny 3-4 günde el bilen desseläp çykmaly. Gowy bişip gurar ýaly 6-8 gün başyny dik edip goýmaly. Soñra kombaýn bilen döwmeli. El bilen künjüniñ dänesi alynanda guran dessäniñ her 2-3 günden baş-aşak tutup silkmeli we dänesini ýygnap almaly.

 

                                                                                        Maral  NAZAROWA,

                                             S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy

Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle