TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Kosmos syýahatçylygy üçin biletler satylýar

“Space Perspective” kosmos kompaniýasy stratosfera gitjek kosmos şarlary üçin öňünden petek sagytlaryny kabul edip başlady. Biletler 125 müň dollardan satylýar.

Soňky ýyllarda köp kompaniýanyň üstünde işleýän kosmos syýahatçylygy adamlara geljekde kosmosa arkaýyn syýahat etmäge mümkinçilik berer.

Mysal üçin, “Virgin Galactic” we “Blue Origin” ýaly kompaniýalar tarapyndan hödürlenen ýokary tizlikli orbital uçuş mümkinçilikleri adamlara kosmos giňişligine aralaşmaga şert döredýär.

Bu babatda “Space Perspective” kompaniýasy stratosfera 30 kilometre çenli ýokarlanjak kosmos şarlaryna bilet satyp başlandygyny habar berdi. Bu kosmos şarlary bilen kosmosa gitmek isleýänler 125 müň dollar tölemeli.

Jemi 6 sagat dowam edýän täjirçilik uçuşlary 2024-nji ýylda başlar. Ýolagçylar hammam we bar bilen üpjün edýän kapsulanyň içinde Ýeri 360 derejede synlamakdan lezzet alarlar.

Kabina wodorod bilen doldurylan şar bilen göteriler. Şar iki sagadyň dowamynda kem-kemden 30 kilometre ýeter we görkezilen belentlikde 2 sagat galar.

Soňra kosmos şary Atlantik ummanynda garaşýan halas ediş gämisine kem-kemden gonar.

 

Sahnaň ýaş we parlak ýyldyzy

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle