TEHNOLOGIÝA

Köp milliard ýyllyk meteorit

Soňky 30 ýyldan bäri Beýik Britaniýada ilkinji gezek meteroit tapyldy. Bu asman jisimi 28-nji fewralda Anliýanyň meýdanyna düşüpdir. Alymlar we ýaşaýjylar meteoriti tapmak üçin gözlege çykdylar. Winçkomb şäherçesiniň ýaşaýjysy bolsa meteoritiň bir bölegini özüniň öýünde tapmagy başarypdyr.

London şäherindäki Tebigat muzeýiniň gözlegçisi Eşli King tapylan asman jisimini şeýle düşündirýär: “Bu daşjagaza uglerodly kondrit diýilýär we biziň gün sistemamyzyň döremeginde emele gelendigini aňladýar”. Şeýle hem Eşli meteorite 4 milliard 600 million ýyl bolandygyny belleýär. Gün ulgamymyz ýaňy emele gelen mahaly bar bolan maddalardan ybaratdyr. Ýere düşen asman jisiminiň ýene bir bölegi ferma golaý açyk meýdanynda tapylypdyr. Meteorit ýere düşmezden ozal birnäçe böleklere bölünip bilendigini çaklanylýar, şonuň üçin alymlar şol şäherçesiniň ýaşaýjylaryny gözleg işlerini alyp barmaga dowam etdirilmegine çagyrýarlar.

 

Zenanlar üçin ýylyň iň gowy awtoulagy

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär