SPORT

Konte “Tottenhem” toparyna tälim berer

Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň ýolbaşçylary toparyň täze tälimçisi Antonio Konte bilen şertnama baglaşdy.

Düýn habar berşimiz ýaly, toparyň öňki tälimçisi portugaliýaly Nunu Eşpiritu Santu wezipesinden boşadylypdy. 4 aýdan soňra wezipesindne boşadylan Nununyň ýerine italiýaly Antonio Konte bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

52 ýaşyndaky tälimçi Konteniň Angliýanyň futbol çempionatynda degişli tejribesi bar. Ol ozal Angliýada “Çelsi” toparyna tälim beripdi.

Toparyň ýolbaşçy düzümi Antonio Konte gyşky transfer döwründe 180 million €-lyk maliýe serişdelerini bölüp berer. Konte 3-4 sany güýçli futbolçylaryň toparyň düzümine goşmak isleýär.

2023-nji ýyla çenli şertnama baglaşan Konte mundan ozal “Inter” toparyna tälim beripdi. Bu topardan maliýe kynçylyklary sebäpli meýletin wezipesini tabşyrypdy.

 

Awstraliýa Hytaýyň we Hindistanyň sanjymlaryny ykrar etdi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi