TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

4 aýdan soňra wezipesinden boşadyldy

Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň ýolbaşçylary toparyň şowsuz çykyşy hem-de geçen hepde “Mançester Ýunaýted” toparyndan 3:0 hasabynda utulandan soňra tälimçi portugaliýaly Nunu Eşpiritu Santu wezipesinden boşadyldy.

47 ýaşly portugaliýaly ähli kömekçileri bilen London toparyny terk ederler. Nunu Santu “Tottenhem” topary bilen 4 aý işläp, ähli ýaryşlarda 17 duşuşyga çykdy.

Santunuň tälimçiliginde “Tottenhem” topary 10 tapgyrda 15 utuk bilen 8-nji orunda barýar. Topar soňky 4 duşuşygyň 3-in ýeňildi. Nunu bu topara 2021-nji ýylyň iýunynda “Wulwerhempton” toparyndan gelipdi.

Nunu Santudan ozal, “Tottenhem” toparyna başga portugaliýaly tejribeli tälimçi Žoze Mourinýo tälim berýärdi. Ol hem toparyň şowsuz çykyşlary sebäpli wezipesindne boşadylypdy.

KONTE BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILÝÄR

London kluby häzirki wagtda italiýaly Antonio Konte bilen gepleşikler geçirýär. Konte “Tottenhem” toparyndan 45 million ýewro möçberinde 3 ýyllyk şertnama we gyşky transfer möwsüminde 3-4 sany güýçli futbolçylaryň satyn alynmagyny talap edýär.

Antonio Konte üçin Angliýanyň çempionaty nätanyş däl. Onuň bu çempionatda tejribesi bar. Onuň tälimçiliginde “Çelsi” topary Angliýanyň çempiony boldy, Angliýanyň Kubogyny gazandy we 3 sany merkezi goragçy oýun düzgüni bilen köpleri haýran galdyrdy.

 

2021-nji ýylyň sözi saýlandy

 

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle