BIZNES

Köneürgenç şäherinde telekeçiler mekdebiniň bölümçesi açyldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebi diňe bir paýtagt Aşgabatda däl, eýsem, welaýat, etrap merkezlerinde, şäherçelerde hem hereket edýär. Ýaňy-ýakynda hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde TSTB-niň Telekeçiler mekdebiniň bölümçesi öz işine başlady. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Täze açylan bölümçede 30 ugur boýunça bilim berler. Şol sanda, iňlis, nemes, hytaý, rus dilleri, fizika, himiýa, taryh dersleri çuňlaşdyrylyp öwrediler. Kompýuter sowatlylygy, buhgalteriýanyň esaslary, arhiw işini dolandyryş, gid terjimeçi hünärleri boýunça bilim alanlara önümçilikde we gaýry ugurlarda işlemäge ähli şertler döredilýär.

Bu ýerde sanly ulgamyň, ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, dünýä ülňülerine laýyklykda sapaklar gurnalar. Sapakdan daşary geçirilýän çärelerde diňleýjilere hünär ugurlary boýunça kinofilmleri görkezmek, dürli mowzuklarda bäsleşikleri geçirmek, tejribeli, öz işine ussat hünärmenler bilen duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.

 

Taryhda şu gün: 14-nji iýun

Ýene-de okaň

«Malaý» gaz käni: 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

«Uzynada» käninde täze gaz akymy alyndy

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalar

Türkmenistan 2024-nji ýyldaky eksporty 12 milliard dollardan geçdi

Türkmenistanda 77 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi