SPORT

Klopp möwsümiň iň gowy tälimçisi boldy

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň tälimçisi Ýurgen Klopp Angliýanyň “Premýer Liga” çempionatynyň iň gowy tälimçisi hökmünde saýlandy. Ol toparyny çempion edip hem bilmese-de, Angliýanyň şu möwsümdäki 2 kubogyny gazanmagyna goşant goşdy.

“Liwerpul” topary çempionlyk ýaryşynda “Mançester Siti” toparyndan 1 utuk yzda galyp, ikinji orny eýeläpdi.

Şeýle hem Kloppyň ýolbaşçylygynda “Liwerpul” topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

54 ýaşly hünärmen karýerasynda ikinji gezek ýylyň iň gowy tälimçisi hökmünde saýlandy. Ol mundan ozal, 2020-nji ýylda şeýle derejä eýe bolupdy.

Kloppdan başga Angliýanyň milli çempionatynda bir gezekden köp iň gowy tälimçi derejesine eýe bolan tälimçiler – Aleks Fergýuson (11), Arsen Wenger, Žoze Mourinýo we Pep Gwardiola (3).

Şeýle hem Klopp Liganyň tälimçiler assosiasiýasy tarapyndan hem ýylyň tälimçisi saýlanypdy.

 

Maýmyn mama keseline garşy derman tapyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Milletler kubogy ýaryşyna gatnaşýar

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi