SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kiwiniň adam saglygyna edýän täsirleri

Kiwi söýlüp iýilýän, Hytaýda dörän tropik miweleriň biridir. Hytaýyň “Ýangste” atly ýerinde ýetişýän bu miwe bütin dünýä bu ýerden ýaýrap, halka ýetirilipdir. 1900-njy ýyllarda ýüze çykyp başlan bu miwäniň uly bir taryhy ýokdur. Kiwi tagamlylygy, adamyň bedenine edýän peýdaly täsirleri bilen beýleki miwelerden tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde kiwi A, C, K, E witaminlere baýdyr.

Limon we pyrtykal C witamine baýdygyny bilýäris, emma kiwi  limon we pyrtykalyň iki essesi diýen ýaly şol witamine baý miwedir. Ol düwnük keseliniň döremegine sebäp bolýan erkin radikallary ýok edýär.

Barlaglara görä, her gün yzygiderli kiwi iýýän çaganyň saglyk meseleleriniň azalýanlygy,  burun akmagynyň, dem gysmanyň aýrylmagyna täsir edýändigi bellenip geçilýär

Kiwiniň iýmit siňdirişe hem peýdasy uludyr.  Şeýle hem içindäki witaminler bilen gan basyşyny hem adaty saklamaga ýardam edýär. Kiwi C we E witamina baýlygy sebäpli ýürek-damar keselleriň öňüni almaga kömek edýär, şeýle hem aşa semizlikden dynyp, horlanmagyňyza hem öz täsirini ýetirýär.

Kiwi ýeterlik mukdardan artykmaç iýilse, allergiýa sebäp bolmagy hem mümkin.

 

Ikinji ýantorbalaryň oýlanyp tapylyşy   

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar