MEDENIÝET

Ikinji ýantorbalaryň oýlanyp tapylyşy   

Ýantorbalar goýuljak zatlaryň goraglylygy, göterilmegi üçin ýüze çykan aksesuarlardyr. Her bir adamyň ýantorba götermek maksady dürli-dürlüdir. Käbirleri zatlary götermek üçin ulanýan bolsa, käbir zenanlar diňe moda görä geýnip şoňa görä ýantorba saýlaýarlar. Eýsem, ilkinji ýantorbalar haçan ulanyp başlapdyr?

Arzan bolany sebäpli ulanylandan soňra zyňlyp durýan plastika we kagyzdan ýasalan torbalar ilkinji bolup Hytaýda ýüze çykýar. Bu torbalar zatlary ýygnamak we götermek maksady bilen ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ýantorbalaryň dürli görnüşleri ýüze çykyp, ulanylmaga başlanýar.

Ýewropanyň gapjyk we ýantorba ulanmagynyň esasy sebäpleriniň biri ownuk pullary götermegi ýeňilleşdirmekdi. Ýantorbalar ýumşak matadan ýasalýanlygy sebäpli, zenanlaryň ünsüni özüne çekenokdy. 17-nji asyrdan soňra ýaş gyzlar durmuşa çykmak üçin el hünärlerini kämilleşdirip, nagyş etmek bilen meşgullanyp başladylar, bu hem elde götermek üçin niýetlenen ýantorbalaryň dürli görnüşde döremegine sebäp bolýar.

18-nji asyrda moda öňe çykyp, elde götermek üçin niýetlenen ýantorbalar zenanlaryň ünsüni çekip başlaýar, gyzlar olaryň dürli görnüşlerini döredip, ulanmaga başladylar. Soňra erkekler üçin niýetlenen ýantorbalar hem peýda boldy.

 

Ilkinji sagatlar barada maglumat

Ýene-de okaň

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy

Medeniýet hepdeligi – 2025 Ahal welaýatynda geçiriler

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde amerikan agşamy