Kiwi söýlüp iýilýän, Hytaýda dörän tropik miweleriň biridir. Hytaýyň “Ýangste” atly ýerinde ýetişýän bu miwe bütin dünýä bu ýerden ýaýrap, halka ýetirilipdir. 1900-njy ýyllarda ýüze çykyp başlan bu miwäniň uly bir taryhy ýokdur. Kiwi tagamlylygy, adamyň bedenine edýän peýdaly täsirleri bilen beýleki miwelerden tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde kiwi A, C, K, E witaminlere baýdyr.
Limon we pyrtykal C witamine baýdygyny bilýäris, emma kiwi limon we pyrtykalyň iki essesi diýen ýaly şol witamine baý miwedir. Ol düwnük keseliniň döremegine sebäp bolýan erkin radikallary ýok edýär.
Barlaglara görä, her gün yzygiderli kiwi iýýän çaganyň saglyk meseleleriniň azalýanlygy, burun akmagynyň, dem gysmanyň aýrylmagyna täsir edýändigi bellenip geçilýär
Kiwiniň iýmit siňdirişe hem peýdasy uludyr. Şeýle hem içindäki witaminler bilen gan basyşyny hem adaty saklamaga ýardam edýär. Kiwi C we E witamina baýlygy sebäpli ýürek-damar keselleriň öňüni almaga kömek edýär, şeýle hem aşa semizlikden dynyp, horlanmagyňyza hem öz täsirini ýetirýär.
Kiwi ýeterlik mukdardan artykmaç iýilse, allergiýa sebäp bolmagy hem mümkin.
