TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kitap barada gyzykly maglumatlar

Kitabyň nämedigini aýratyn düşündirip oturmak, belki, zeruram däldir. Ol nähilidir bir söz bilen subut edilmezden, öz-özünden düşnükli hakykat. Kitap, şeýle seretseň, içi many-mazmunly sözler, suratlar we maglumatlar bilen üpjün edilen hazyna.

Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz  miras hasaplanylýar.

Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär.

Şu ýerde kitap baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

  • Arheologiki tapyndylara görä ilkinji kitaplar iki müň ýyldan gowrak ozal peýda bolupdy. Olar agaçdan we mumdan ýasaldy.
  • Şeýle-de bolsa, has köne kitap bar – takmynan bäş ýarym müň ýyllyk Priss golýazmasy. Ol papirusa ýazylan golýazmadyr.
  • Umuman, Ýer ýüzünde takmynan 130 million kitap bar. Bu, kitaplaryň özleri däl-de, her dürli eserleriň sanyna degişlidir.
  • Şekspiriň kitaplarynda “söýgi” sözi “ýigrenç” sözünden takmynan on esse köp duş gelýär.
  • Çap etmek işi ýola goýlan döwründe tutuş dünýäde takmynan iki milliard kitap neşir edildi.
  • Müň ýyl mundan ozal ýazylan Ýaponiýanyň “Gendzi baradaky powest” ilkinji edebi roman hasaplanýar.
  • Dünýäde iň meşhur kitap Injildir. Meşhurlyk boýunça ikinji orunda Mao Szedunyň (Hytaýda meşhurlygy sebäpli) sitatalar ýygyndysy, üçünjisi bolsa “Ýüzükleriň hökmürowany” eseridir.
  • Dünýäniň iň öndümli ýazyjysy aýda ortaça iki täze roman neşir eden Barbara Kartland bolupdyr.
  • 1994-nji ýylda Bill Geýts Leonardo de Winçiniň “Kodeks Lester” eserini 30.8 million dollara satyn aldy. Şol hem iň gymmat bahadan satyn alnan kitap boldy.
  • “Bibliosmiýa” kitabyň ysynyň okyja edýän täsirini alamatlandyrýan hakyky bir termindir.
  • Kitap bilen baglanyşykly birnäçe rekord işler hem edildi. 2012-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Awstraliýada 998 adam bir bada kitaby kellesinde deňagramlylykda saklamakda rekord goýdy we ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
  • Mark Tweniň “Missisipidäki durmuş” atly kitaby ilkinji maşinkadna ýazylan golýazmadyr we ol çap edijä şeýle ugradylypdyr.
  • Dünýäniň iň uly kitaphanasy Waşingtonda ýerleşip, ol Kongressiň kitaphanasydyr. Bu kitaphana 1800-nji ýylda gurlupdyr.
  • Fransuz ýazyjy Marsel Prust tarapyndan ýazylan “Ýitirilan wagtyň gözleginde” atly roman iň uzak wagta çeken roman hasaplanypdyr. Ol 7 tomda 1913-1927-nji ýyllar aralygynda ýazylypdyr.

Diana Hasanowa, TOHU-nyñ talyby.

 

Mahluta çorbasy

Ýene-de okaň

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Teswirle