MEDENIÝET

Kino tomaşa edene 1300 dollar berler

“FinanceBuzz” maliýe kompaniýasy oktýabr aýynda saýlan 13 sany gorkuly filme tomaşa etmek üçin 1300 dollar tölär. Kompaniýanyň maksady filmleriň býujetlerine görä, şeýle filmleriň adamlara edýän täsirini barlamakdan ybarat.

Kompaniýa, filme tomaşa edýän adamyň ýürek urşunyň ölçeljekdigini mälim etdi. Kompaniýa: “Ýetip gelýän möwsümiň hormatyna ýokary býujetli gorkunç filmleriň pes býujetli gorkunç filmlerden has güýçli gorky üpjün edip bilýändigi ýa-da bilmeýändigini anyklamak isleýäris” – diýlip, beýanatda belläp geçýär.

Şeýle hem, kompaniýa bu maksadyny amala aşyrmak üçin bir adamy işe alar. Işe aljak adamyna 50 dollarlyk sowgat kartyny berer we ýürek urşy tehnologiýa enjamyny berer.

26-njy sentýabrda “Horror Movie Pulse Analyst” maksatnamasy üçin işe alynjak işgär belli ediler. Soňra şol işgär 9-njy oktýabrdan 18-nji oktýabr aralygynda aşakdaky filmlere tomaşa etmeli bolar.

Tomaşa etmek üçin saýlanan filmler:

“Saw”,  “Amityville Horror”, “A Quiet Place”, “A Quiet Place Part 2”, “Candyman”, “Insidious”, “The Blair Witch Project”, “Sinister”, “Get Out”, “The Purge”, “Halloween (2018)”, “Paranormal Activity”, “Annabelle”.

 

Dünýäniň iň täsirli 100 adamy

Ýene-de okaň

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy

Medeniýet hepdeligi – 2025 Ahal welaýatynda geçiriler

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde amerikan agşamy