DÜNÝÄ

Dünýäniň iň täsirli 100 adamy

Dünýäniň iň abraýly syýasat we habar žurnaly hasaplanýan “Time” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň sanawy taýýarlandy.

“Time” žurnaly dünýäniň iň täsirli 100 adamyny 6 kategoriýada taýýarlady. “Liderler” kategoriýasynda – Bütindünýä söwda guramasynyň başlygy Ngozi Okonjo-Iweala, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Salwadoryň Prezidenti Naýib Bukele, Italiýanyň we Ysraýlyň Premýer-ministrleri degişlilikde Mario Dragi we Naftali Bennet hem bar.

Bassyr 2 ýyldan bäri bu sanawa HHR-iň Başlygy Si Szinpin, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hem goşuldy.

“Ägirtler” kagetoriýasynda – “Apple” kompaniýaysnyň baş müdiri Tim Kuk, sport ginmastikasy boýunça dünýäniň 4 gezek çempiony Simona Baýlz, ýeňil atletikaçy Ellison Feliks dagylaryň atlary bar.

“Täzelikçiler” kategoriýasynda – aýdymçy Billi Aýliş. Halkara energetika agentliginiň başlygy Fatih Birol, keniýaly aktiwist Fillis Omido ýaly şahsyýetler bar.

“Sungat işgärleri” kategoriýasynda – Omar Si, Skarlet Ýohansson we Keýt Uinslet ýaly sungat işgärleri sanawda öz ornuny aldy.

“Kumirler” kategoriýasynda – şazada Garri we onuň aýaly Megan Markl, tennisçi Naomi Osaka we aýdymçy Britni Spirs bar.

“Oýlap tapyjylar” kategoriýasynda bolsa, “SpaceX” kompaniýasynyň Ilon Mask, “Nvidia” kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huanga, “General Motors” kompaniýasynyň baş müdiri Meri Barryň ady bar.

 

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy