JEMGYÝET

“Peýdaly Maslahat” : Peýdaly Maglumatlary Özünde Jemleýär

Saýtymyzyň “Peýdaly Maslahat” sahypasy hereket edip başlady. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty okyjylaryna has peýdaly maglumatlary  ýetirmek maksady bilen “Peýdaly Maslahat” sahypasyny herekete girizdi. Bu sahypamyzda, kanunçylyga we ýerli we halkara kadalara degişli maglumatlar bilen bir hatarda, bir okyjynyň durmuşynyň haýsyda bolsa bir döwründe özüne gerek bolup biläýjek  maglumatlar aňsat we elýeterli tapyp-okap bolar ýaly üpjün ediler. Şonda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki döwlet edaralarynyň resmi sahypalaryndaky maglumatlar çeşme görkezmek bilen saýtymyza gysga habarlar görnüşinde ýerleşdiriler. Bellemeli zat, şol maglumatlar haýsyda bolsa bir döwlet edarasynyň saýtyndan alynanda, alynan we saýtymyza ýerleşdirilen günündäki hukuk güýjini saklaýandygyny nygtamak gerek. Sebäbi, esasan hem hukuk ulgamyna degişli maglumatlary ullanmak isläniňizde Siziň ullanýan döwrüňize çenli kanunçylygyň üýtgäp biljekdigini hasaba alyp, şol ulgamyň hünärmenlerine hem maslahatlaşmagyňyzy maslahat berýäris.

“Peýdaly Maslahat” sahypasy, diňe döwlet edaralaryň saýtyna ýerleşdirilen “peýdaly maslahatlary” özünde jemlemän, eýsem, Siz bu sahypamyzda öz döredijilik  işgärlerimiziň taýýarlan daşary ýurtda bilim almak, migrasiýa, täjirçilik ýaly mowzuklara  degişli “maslahatlaryny” hem okap bilersiňiz.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi